26 Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir.
26 Ёк эдилмели душманларың иң соңкусы хем өлүмдир.
Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.
Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.
Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir.
«Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň?»
şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi.
Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we
Deňiz özündäki ölüleri berdi. Ölüm we ölüler dünýäsi-de özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine eden işlerine görä kazylyk edildi.
Onsoň ölüm we ölüler dünýäsi ýanyp duran köle zyňyldy. Ine, bu otly köl ikinji ölümdir.
Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».