Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:6 - Mukaddes Kitap

6 Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik, ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эй, доганлар, мен яныңыза барып, нәмәлим диллерде гүрлесем, йөне аянлык, билим, пыгамберлик, я-да таглымат өвретмесем, мениң сизе пейдам дегерми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:6
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler?


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Eý, doganlarym! Men siziň ýagşylykdan doludygyňyza, hemme zady bilýändigiňize, biri-biriňize öwüt bermegi başarýandygyňyza berk ynanýaryn.


Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


Söýginiň ýörelgesine eýeriň. Ruhy peşgeşleri almaga, aýratyn-da pygamberlik etmäge ymtylyň.


Mysal hökmünde jansyz saz gurallaryny: tüýdügi ýa-da arfany alyp göreliň. Eger olar tapawutly äheňde çalynmasa, haýsy mukamyň çalynýandygyny nädip saýgarjak?


Men gepe çeper bolmasam-da, bilime baýdyryn. Biz muny ähli zatda size aýdyň görkezendiris.


Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin.


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Men Hudaý – Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin.


Hatymy okanyňyzda, Mesihiň bu syryna meniň näderejede düşünýändigimi aňarsyňyz.


Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar.


Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr.


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Ýoluny urduryp, Mesih hakdaky taglymatdan daşlaşan adamda Hudaý ýokdur. Emma bu taglymat boýunça ýaşaýan adamda Ata-da, Ogul-da bardyr.


Galp hudaýlaryň yzyna düşmäň. Olar size ne peýda berer, ne-de sizi gorar, çünki olar bihuda zatlardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ