Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:4 - Mukaddes Kitap

4 Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Нәмәлим дилде гүрлейән өз-өзүне өвүт берйәндир, пыгамберлик эдйән болса йыгнага өвүт берйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:4
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.


Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.


Şunlukda, nämälim diller iman edenler üçin däl-de, iman etmedikler üçin alamatdyr. Pygamberlik bolsa iman etmedikler üçin däl-de, iman edenler üçin alamatdyr.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.


Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ