Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:32 - Mukaddes Kitap

32 Pygamberlik sözlerini alan adam olary haçan aýtmalydygyny özi kesgitlemelidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Пыгамберлик сөзлерини алан адам олары хачан айтмалыдыгыны өзи кесгитлемелидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:32
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Çünki hemmeler öwüt alar ýaly, hemmeler ruhlanar ýaly, baryňyz gezek-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz.


Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,


«Rebbiň güni golaýlady» diýip aýdýan haýsydyr bir habar, pygamberlik ýa-da hat bizden ýaly bolup görünse-de, şolar sebäpli haýdan-haý aljyramaň, galpylda düşmäň.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ygtybarly we çyndyr! Pygamberlerini ylhamlandyrýan Reb Hudaý tiz wagtda boljak wakalary Öz bendelerine görkezmek üçin perişdesini ýollady».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ