Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:3 - Mukaddes Kitap

3 Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Пыгамберлик эдйән болса адамлара йүзленип, олара өвүт-несихат берйәр, голдаяр, теселли берйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:3
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.


Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.


Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys.


Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.


Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.


Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Çünki hemmeler öwüt alar ýaly, hemmeler ruhlanar ýaly, baryňyz gezek-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.


Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Ine, hut şu maksat bilen, biziň ýagdaýymyzy habar bermek, şeýle-de sizi ruhlandyrmak üçin, men ony siziň ýanyňyza iberýärin.


Ýagdaýymyz barada habar bermek we sizi ruhlandyrmak üçin men ony siziň ýanyňyza iberdim.


Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.


Biziň çagyryşymyzda ne ýalan, ne ýaman niýet, ne-de hile bardyr.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.


Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan tabşyryp ýalbarýarys.


Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir.


Men barýançam, ýygnaga Mukaddes Ýazgylary okamak, öwüt-nesihat etmek we öwretmek bilen meşgul bol.


Hojaýynlary imanly bolan gullar: «Indi biz dogandyrys» diýip, öz hojaýynlaryna geleňsizlik etmesinler, tersine, öňküden-de yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi olaryň hojaýynlary imandaky eziz doganlary bolup, ýagşylyk edýändirler. Bularyň baryny öwret we ünde.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Ol özüne öwredilen ygtybarly taglymata sadyklyk bilen eýermelidir. Başgalara hem bu taglymata laýyklykda öwüt-ündew berip, oňa garşy çykýanlaryň ýalňyşýandyklaryny subut etmeli.


Hawa, bularyň baryny öwret. Doly ygtyýar bilen öwüt-ündew ber, günä edýänleri paş et. Goý, hiç kim seni äsgermezlik etmesin.


Ýaş ýigitlere hem özlerine erk etmegi ünde.


Gullara öz hojaýynlaryna her zatda tabyn bolmagy we olaryň göwnünden turmagy ünde. Olar hojaýynlara dil gaýtarmasynlar,


Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.


Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ