Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:26 - Mukaddes Kitap

26 Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Эй, доганлар, мундан нәхили нетиҗе чыкарса болар? Сиз бир ере үйшениңизде, хер бириңизде нагма, өвүт сөзи, аянлык, нәмәлим диллерде гүрлемек я-да оны маныландырмак бардыр. Гой, буларың бары йыгнагы беркитмек үчин уланылсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:26
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Eger hyzmat bolsa, goý, hyzmat etsin; öwrediji bolsa, goý, öwretsin.


Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys.


Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak.


Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.


Eger araňyzda nämälim dillerde gürleýän bar bolsa, goý, ikisi ýa-da üçüsi gezek-gezegine gürlesin; ýene biri manylandyrsyn.


Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.


Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.


Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.


Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesihiň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr.


Onuň ýolbaşçylygy astynda tutuş beden her bognuň kömegi bilen baglanyp, Oňa birikdirilýär. Her agzanyň kadaly işlemegi netijesinde beden kemala gelip, söýgi arkaly sazlaşykly hereket edýär.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň.


Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ