Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:25 - Mukaddes Kitap

25 Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шонда онуң йүрек сырлары аян болар-да, йүзин йыкылар. «Худай, догрудан-да, сизиң араңызда экен!» дийип, Оңа сежде эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:25
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup heniz öýdedi. Ýahuda hem onuň doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, onuň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdiler.


Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi.


Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.


Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Şamuwel Şawula şeýle jogap berdi: «Görgür mendirin. Öňüme düş, seždegähe çykaly, siz bu gün meniň bilen bile naharlanarsyňyz. Ertir irden men siziň soraglaryňyza jogap bererin we sizi öz ýoluňyza ugradaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ