Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:20 - Mukaddes Kitap

20 Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Эй, доганлар, чагалар ялы пикир йөретмегиңизи бес эдиң. Яманлык бабатда чага ялы болуң, йөне акыл бабатда кәмил яшлы болуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:20
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin men diwaryň pes ýerleriniň aňyrsyndaky açyk meýdanda halky uruglary boýunça, gylyçlary, naýzalary we ýaýlary bilen duruzdym.


Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar, görşüne görä höküm çykarmaz Ol, eşidişine görä karar çykarmaz.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


«Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz.


Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.


Isa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?


Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Siziň tabynlygyňyz hemmelere mälimdir. Men siziň şeýledigiňize biçak begenýärin, ýöne siziň ýagşyny ýamandan aýdyň saýgarar ýaly paýhasly bolmagyňyzy, ýamanlyga ýanaşmazlygyňyzy isleýärin.


Men çagakam, çaga ýaly gürleýärdim, çaga ýaly oýlanýardym, çaga ýaly pikir ýöredýärdim. Emma ulalyp kemala gelenimde, çagalyk ýörelgelerini taşladym.


Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr.


Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.


Munuň netijesinde hemmämiz imanda bir bolup, Hudaýyň Ogly Mesihi tanap-bilip, Ol ýaly doly kämillige ýeteris.


Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.


Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ