Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:2 - Mukaddes Kitap

2 Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Нәмәлим дилде гүрлейән адам адамлар билен дәл-де, Худай билен гүрлешйәндир. Чүнки онуң Мукаддес Рухдан ылхамланып айдян сырларына хич ким дүшүнйән дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:2
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi.


Olar aýdylýan zatlara Ýusubyň düşünýändigini bilmeýärdiler, çünki ol olar bilen dilmajyň üsti bilen gepleşýärdi.


Onsoň Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar».


Seniň bendeleriňiň jesetlerini berdiler gök guşlaryna, Seniň sadyklaryňyň etini – ýeriň wagşy haýwanlaryna.


Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.


Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar.


sebäbi olaryň nämälim dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişlerini gördüler. Şonda Petrus:


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Meniň ýanymdakylar şöhläni görüp gorkdular, emma meniň bilen gepleşen sese düşünmediler.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris.


Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Olar päk wyždanly bolup, Hudaýyň bize Isa Mesih barasynda aýan eden hakykatyna eýermelidir.


Ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak güni Hudaý Öz pygamber gullaryna yglan edişi ýaly, Onuň syry amala aşar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ