Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.
Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.
Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!