17 Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir.
17 Белки, сен оңат шүкүр эдйәнсиң, йөне башга бири бу аркалы өвүт алян дәлдир.
Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.
Hudaýa şükür, men nämälim dillerde hemmäňizden köp gürleýärin.
Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir.
Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.
Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik, ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi?