Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:16 - Mukaddes Kitap

16 Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эгер сен Худайы өз калбыңда шөхратландырсаң, сениң айдян затларыңа дүшүнмейән адам шүкүрлериңе нәдип «омын» дийсин? Ол сениң айдянларыңа дүшүнмейәр ахырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:16
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip, şeýle diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin.


Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!» Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.


Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi.


Onsoň Ezra Beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler.


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.


Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Omyn! Aýdanyň gelsin! Goý, Reb Öz ybadathanasynyň gap-gaçlaryny we sürgüne gidenleriň baryny Babyldan bu ýere yzyna getirip, seniň pygamberlik edip aýdan sözleriňi amala aşyrsyn!


Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“ Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin.


Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Isa başga-da köp işler etdi. Bular birin-birin ýazylan bolsa, onda ol kitaplar, meniň pikirimçe, tutuş äleme-de sygmazdy.


Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir. Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Çünki men nämälim dilde doga-dileg edýän bolsam, muny diňe ruhum edýändir. Akylym muňa gatnaşýan däldir.


Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.


Men siziň baryňyzy Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýärin! Omyn.


Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr.


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler.


Olar şeýle diýýärdiler: «Omyn! Hudaýymyza öwgi, şan-şöhrat bolsun! Oňa paýhas, şükürler, hormat, gudrat we kuwwat ebedilik ýar bolsun! Omyn!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ