Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 14:15 - Mukaddes Kitap

15 Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Нәме этмели? Мен рухум билен дога-дилег этсем, муны аңымда-да этҗек. Мен рухум билен нагма айтсам, муны аңымда-да айтҗак.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 14:15
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly.


Indi näme etmeli? Seniň geleniňi olar hökman eşiderler.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy?


Çünki men nämälim dilde doga-dileg edýän bolsam, muny diňe ruhum edýändir. Akylym muňa gatnaşýan däldir.


Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesihi wagyz edýärler. Men muňa begenýärin. Hawa, gaýta-gaýta begenerin,


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ