Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.
Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.
Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.
Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesihi wagyz edýärler. Men muňa begenýärin. Hawa, gaýta-gaýta begenerin,
Eý, hormatly zenan! Atamyz Hudaýyň buýruşy ýaly, birnäçe perzentleriňiň hakykata eýerip ýaşaýandygyny görüp, gaty şat boldum. Indi saňa bir haýyşym bar: biri-birimiz bilen söýgüde ýaşalyň. Men saňa bir täze buýruk ýazamok, bu ilkibaşdan bize mälim buýrukdyr.