Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 13:4 - Mukaddes Kitap

4 Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Сөйги сабырлыдыр, мәхирлидир. Сөйги бахыллык эдйән дәлдир, өзүни бейгелдйән дәлдир. Сөйги гопбамсырамаяр,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 13:4
53 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi.


Şeýdip, doganlary Ýusuba göriplik edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.


Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Reb synaýar dogry ynsany, emma Onuň kalby ýigrenýär erbetleri we zorluk söýýän adamy.


Ýigrenç gahar-gazaby oýarýar, söýgi bolsa bar ýazygy bagyşlaýar.


Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.


Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr, şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.


Ýazygy geçýäni söýgi höweslendirýändir, dawa-jenjeli gaýtalaýan bolsa dostuny ýitirýär.


Adamdan garaşylýany wepalylykdyr, Garyp adam ýalançydan ýagşydyr.


Danalyk bilen sözleýändir, dilinde oňat öwütler bardyr.


Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir.


Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.


Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady.


Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi,


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme?


Siziň käbirleriňiz men ýanyňyza barmaryn öýdüp, tekepbirlige ýüz urdular.


Eý, doganlar! Men aýdanlarymyň baryny siziň peýdaňyza bolsun diýip, özüm we Apollo barada aýtdym. Şonda siz göreldämiz arkaly «Ýazylanyň çäginden çykmaň» diýlenine düşünip, kimdir birini beýlekiden ýokary tutmarsyňyz.


Siz bolsa öz-özüňize buýsanýarsyňyz! Eýsem siz muňa derek ýas tutup, şeýle iş edýäni araňyzdan aýyrmaly dälmi?


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi,


Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.


Iňňän pes göwünli hem ýumşak boluň. Sabyr-takatly bolup, mähir-muhabbet bilen biri-biriňize çydaň.


Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.


Hawa, olaryň käbirleri meniň bilen bäsleşip, Isa Mesih baradaky Hoş Habary bahyllykdan wagyz edýärler, käbirleri bolsa ýagşy niýetden wagyz edýärler.


Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.


Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


onda ol hiç zada düşünmeýän tekepbirdir. Ol jedelleşmek we sözleriň manysy barada dawalaşmak keseline ýolugyp, göripligiň, agzalalygyň, töhmetleriň hem-de erbet şübheleriň döremegine sebäp bolýar.


Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.


Ozaly bilen biri-biriňizi jandan söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni örtýändir.


Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi söýmelidiris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ