Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 13:13 - Mukaddes Kitap

13 Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Хәзир шу үчүси галяр: иман, умыт ве сөйги. Буларың иң улусы болса сөйгүдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 13:13
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.


Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.


Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi.


Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Söýginiň ýörelgesine eýeriň. Ruhy peşgeşleri almaga, aýratyn-da pygamberlik etmäge ymtylyň.


Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Emma ynsan Hudaýy söýýän bolsa, ol eýýäm Hudaý tarapyndan tanalýandyr.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Bularyň hemmesiniň üstesine-de kämil birligi baglanyşdyrýan söýgä besleniň.


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


sebäbi Hudaý bizi gorkak etmeýär. Ol bizi güýç, söýgi we özerklilik bilen doldurýar.


Şonuň üçin hem, ynamyňyzy ýitirmäň, munuň sylagy uludyr.


Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.


Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris.


Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Doganyny söýýän adam nurda ýaşaýandyr, onda büdremäge sebäp bolup bilmez.


Eý, balalar, size ýazýaryn: siz Atamyz Hudaýy tanaýarsyňyz. Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi kalbyňyza ornandyr. Siz şeýtany ýeňdiňiz.


Goý, siziň ilkibaşdan eşiden sözüňiz kalbyňyzda ornasyn. Şonda siz Ogul bilenem, Ata bilenem ýaşarsyňyz.


Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesihiň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.


Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ