Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 13:1 - Mukaddes Kitap

1 Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ынсанларың ве перишделериң диллеринде гүрләп-де, сөйгим болмаса, гүңлеч сесленйән мисдирин я-да җыңңырдаян кимвалдырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 13:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!


Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.


Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.


Eger sen doganyňy ynjydaýjak zady iýýän bolsaň, onda ony söýmedigiňdir. Iýýän tagamyň zerarly öz doganyňyň imanyny weýran etme, Isa Mesih onuň ugrunda öldi ahyryn.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Gulak hem «Men göz däl, men bedene degişli däl» diýse-de, beden agzalygyna galýandyr.


Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.


Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.


Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.


Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir.


Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


garaz, jennede äkidilýär. Ol ýerde söz bilen beýan edip bolmajak ajaýyp zatlary, ynsana aýtmaga rugsat edilmedik zatlary eşidýär.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Ozaly bilen biri-biriňizi jandan söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni örtýändir.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Men gökden ägirt uly ummanyň güwwüldisi ýaly, güýçli gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Bu ses arfaçylaryň çalýan owazyna meňzeýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ