Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 12:9 - Mukaddes Kitap

9 Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Башга бирине Мукаддес Рух иман байлыгыны, ене бирине шыпа берме пешгешлерини берйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 12:9
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar.


Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».


Olar köp arwah-jynlary kowup çykardylar, ençeme hassalara ýag guýup, olara şypa berdiler.


Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň.


Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Petrus geçip gidende, hiç bolmanda, onuň kölegesi hassalaryň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, çarpaýalarda we düşeklerde ýatyrýardylar.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Şypa berme peşgeşi hemmelerde barmy? Hemmeler nämälim dillerde gürleýärmi? Hemmeler bu dillerde aýdylanlary düşündirip bilýärmi?


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Zeburda: «Iman etdim, şonuň üçin gürledim» diýip ýazylgydyr. Şol imanyň ruhy arkaly biz-de iman edýäris, şonuň üçin-de gürleýäris.


Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.


Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ