7 Her kesde Mukaddes Ruhuň aýan bolmagy hemmeleriň bähbidi üçindir.
7 Хер кесде Мукаддес Рухуң аян болмагы хеммелериң бәхбиди үчиндир.
Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler.
Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.
Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.
Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir.
Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr.
Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.