Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesihe nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шоңа гөрә-де, шуңа айдың дүшүнмегиңизи ислейәрин: Худайың Рухундан ылхам алян ынсан: «Иса Месихе нәлет болсун!» диймез. Мукаддес Рух ынандырмаса, ынсан: «Иса Ребдир!» дийип билмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 12:3
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesihe Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir:


Isa: «Ony togtatmaň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza görkezip, yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur.


Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.


Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz.


Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.


Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň.


Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi.


Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene!


biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ