Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 12:28 - Mukaddes Kitap

28 Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Худай йыгнага илки билен ресуллары, соңра пыгамберлери, үчүнҗи эдип өвредиҗилери белледи. Соңра гудрат гөркезйәнлери ве шыпа берйәнлери, ярдам берйәнлери ве доландырянлары, соңра нәмәлим диллерде гүрлейәнлери белледи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 12:28
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.


Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy.


Eýsem hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler taglym öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir?


Şypa berme peşgeşi hemmelerde barmy? Hemmeler nämälim dillerde gürleýärmi? Hemmeler bu dillerde aýdylanlary düşündirip bilýärmi?


Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.


Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir.


Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Ähli ýolbaşçylaryňyza we Hudaýyň tutuş halkyna salam aýdyň. Italiýaly doganlar size salam ýollaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ