Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 12:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ядыңыздамы, сиз бутпаразкаңыз, дилсиз-агызсыз бутларың тәсирине дүшүп, олара эерйәрдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 12:2
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bütin halkynyň öňünde Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.


Ýa Reb! Men Seniň bendäň, men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly; Sen zynjyrlarymy gyryp taşladyň.


Öz halkyna çölde ýol görkezen Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar.


Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlaryň guludyňyz.


Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ