Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 12:18 - Mukaddes Kitap

18 Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Эмма Худай хемме агзалары бир беденде ерлешдирип, оларың херсини Өз халайшына гөрә гойды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 12:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».


Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Bize berlen merhemete görä, her birimiziň dürli ruhy peşgeşlerimiz bardyr. Şonuň üçin-de, kim pygamberlik peşgeşini alan bolsa, goý, özüne berlen imana görä pygamberlik etsin.


Bularyň baryny ýeke-täk bir Mukaddes Ruh edýändir. Ol her kese Öz isleýşine görä berýändir.


Eger bütin beden göz bolan bolsa, onda ol nädip eşiderdi? Eger bütin beden gulak bolan bolsa, onda ol nädip ys alardy?


Eger agzalaryň bary haýsydyr bir agza bolan bolsa, onda beden nirede bolardy?


Bedeniň gelşikli agzalary bolsa şeýle alada mätäç däldir. Hudaý beden agzalaryny birikdirende, onuň ähmiýetsiz saýylýan agzalaryna has köp ähmiýet berdi.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Hudaý bolsa bu tohuma Öz bellän görnüşini berýär. Her tohumyň-da öz görnüşi bolýandyr.


Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik.


Ol Isa Mesih arkaly bizi ogullyga almak barada owaldan karara gelipdi. Bu Onuň göwnüne ýarap, yradasy bilen boldy.


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


«Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ