Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ол бирине гудрат гөркезме, башгасына пыгамберлик, ене бирине рухлары сайгарма, башга бирине нәмәлим диллер, ене бирине бу диллери маныландырма пешгешини берйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 12:10
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Bize berlen merhemete görä, her birimiziň dürli ruhy peşgeşlerimiz bardyr. Şonuň üçin-de, kim pygamberlik peşgeşini alan bolsa, goý, özüne berlen imana görä pygamberlik etsin.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Başyny örtüp, doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir.


Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.


Nämälim dillerde gürleýän adam ony manylandyryp bilmegi üçin-de doga-dileg etmelidir.


Şunlukda, eý, doganlar, pygamberlik etmäge jan-tenden yhlas ediň, ýöne nämälim dillerde gürlemegi-de gadagan etmäň.


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ