Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 11:4 - Mukaddes Kitap

4 Başyny örtüp, doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Башыны өртүп, дога-дилег я-да пыгамберлик эдйән эркек киши өз башыны биабрай эдйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 11:4
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Patyşa ýüzüni aşak salyp: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum, jan oglum, Abşalom!» diýip, gaty sesi bilen möňňürip aglaýardy.


Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Erkek saçyny ösdürse biabraýçylykdygyny tebigatyň özi size öwretmeýärmi näme?


Başyny örtmän doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän aýal öz başyny biabraý edýändir. Ol başy syrylan aýal bilen des-deňdir.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ