Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 11:32 - Mukaddes Kitap

32 Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Реб бизи тербиелемек үчин хөкүм эдйәндир. Ол муны бизиң дүнйә билен бирликде хөкүм эдилмезимиз үчин эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 11:32
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn.


Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlermi.


Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.


Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.


Ol söze gulak asmady, öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Hawa, Hudaýyň peşgeş beren merhemeti Adam atanyň günäsi ýaly däldir. Sebäbi bir günä jezalandyrylyp, höküm edilmä sezewar etdi. Emma köp günälerden soň peşgeş berlen merhemet aklanmany getirdi.


Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?


Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.


Ine, şu sebäpden araňyzda ejizler we syrkawlar köp, ölenleriňiz hem az däldir.


Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk.


Şunlukda, eý, doganlar, Rebbiň saçagy üçin üýşeniňizde, biri-biriňize garaşyň.


Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Hudaýyňyz Reb hem sizi terbiýeleýändir.


Himeneý bilen Isgender-de şeýle adamlara degişlidir. Men Hudaýa dil ýetirmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ