31 Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk.
31 Биз илки өзүмизи сынап гөрен болсадык, онда хөкүме учрамаздык.
Şonuň üçin-de, her kes diňe özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden içmeli.
Ine, şu sebäpden araňyzda ejizler we syrkawlar köp, ölenleriňiz hem az däldir.
Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.
Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.
Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.