Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 11:30 - Mukaddes Kitap

30 Ine, şu sebäpden araňyzda ejizler we syrkawlar köp, ölenleriňiz hem az däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Ине, шу себәпден араңызда эҗизлер ве сыркавлар көп, өленлериңиз хем аз дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 11:30
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.


«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.


Dawut babatda aýtsak, ol öz wagtynda Hudaýyň maksady üçin hyzmat etdi. Ol dünýäden ötüp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň jesedi çüýräp gitdi.


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir.


Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk.


Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.


Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris.


Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Şoňa görä-de, Hudaýyň Isa Mesihe gowşan merhumlary Onuň bilen yzyna getirjekdigine-de ynanmalydyrys.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ