Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 11:27 - Mukaddes Kitap

27 Şunlukda, kimde-kim mynasyp bolmadyk tärde bu çörekden iýse ýa-da Rebbiň käsesinden içse, Onuň bedeni we gany babatda ýazykly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Шунлукда, кимде-ким мынасып болмадык тәрде бу чөрекден ийсе я-да Реббиң кәсесинден ичсе, Онуң бедени ве ганы бабатда языклы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 11:27
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz.


Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.


Patyşa myhmanlary görmäge girende, onuň toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär.


Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ