Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 11:26 - Mukaddes Kitap

26 Şoňa görä-de, siz her gezek bu çöregi iýeniňizde, bu käseden içeniňizde, Reb dolanyp gelýänçä, Onuň ölümini yglan edýärsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Шоңа гөрә-де, сиз хер гезек бу чөреги иениңизде, бу кәседен ичениңизде, Реб доланып гелйәнчә, Онуң өлүмини ыглан эдйәрсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 11:26
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.


Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.


Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.


«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.


Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.


Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.


Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ