Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 11:19 - Mukaddes Kitap

19 Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Себәби араңызда агзалалыклар болмалы затдыр. Олар сизиң Худайың сынагындан гечип-гечмейәндигиңизи әшгәр эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 11:19
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!


Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr, emma bu zatlaryň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!


Şonda ençeme ýürekleriň syrly pikirleri aýan bolar. Seniň kalbyňa hem hasrat ýiti gylyç kimin sanjylar» diýdi.


Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler.


Hatda öz araňyzdan käbir adamlar çykyp, şägirtleri yzyna eýertdirjek bolup, hakykaty ýoýarlar.


Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Olar meni köp wagtdan bäri tanaýarlar, eger isleseler, maňa dinimiziň iň berk topary boýunça fariseý bolup ýaşandygyma şaýatlyk edip bilerler.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.


Siz bir ýere üýşeniňizde, Rebbiň saçagyna gatnaşýarsyňyz diýip hasap edýärsiňiz. Aslynda welin bu beýle däl.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär.


Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur.


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ