1 Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.
1 Мениң Месихден гөрелде алшым ялы, сиз-де менден гөрелде алың.
Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.
Şoňa görä-de, ýalbarýaryn: meniň ýaly boluň.
Eý, doganlar! Meniň göreldäme eýerýänlere goşulyň. Biziň göreldämize görä ýaşaýanlara üns berip, olardan öwreniň.
Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz.
Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik.
Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.