Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 10:32 - Mukaddes Kitap

32 Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Яхудыларың-да, греклериң-де, Худайың йыгнагының-да, гараз, хич кимиң бүдремегине себәп болмаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 10:32
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok!


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim.


Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn.


Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok.


Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim.


Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin.


Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.


Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Sebäbi öz öýüni dolandyryp bilmeýän adam, heý-de Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny edip bilermi?!


Şeýlelikde, Rut onuň aýagujunda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ