Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 10:31 - Mukaddes Kitap

31 Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Шунлукда, ийсеңиз-де, ичсеңиз-де, хер нәме этсеңиз-де – буларың барыны Худайың шөхраты үчин эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 10:31
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Şeýdip, onuň kalby ikä bölünendir. Ärsiz aýal ýa-da durmuşa çykmadyk gyz Rebbiň işleriniň aladasyny edip, özüni jan-tenden Rebbe bagyş edendir. Emma ärli aýal öz äriniň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir.


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ