Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.
Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň.
Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.