Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 10:23 - Mukaddes Kitap

23 Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Сиз: «Ислендик зады этмәге хакым бар» диййәрсиңиз, йөне хер зат сизиң үчин бәхбитли дәлдир. «Ислендик зады этмәге хакым бар» диййәрсиңиз, йөне хемме зат абатлаян дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 10:23
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger sen doganyňy ynjydaýjak zady iýýän bolsaň, onda ony söýmedigiňdir. Iýýän tagamyň zerarly öz doganyňyň imanyny weýran etme, Isa Mesih onuň ugrunda öldi ahyryn.


Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.


Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Siz: «Men her zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz. Hawa, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. Men hem islän zadymy etmäge hakym bar diýip bilýärin, ýöne hiç zat meniň üstümden agalyk sürmeli däldir.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.


Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ