Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.
Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekil berýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?
Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.
Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.
Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.