Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 10:17 - Mukaddes Kitap

17 Çöregiň bir bolşy ýaly, biz köp bolsak-da, bir bedendiris. Çünki şol bir çöregi paýlaşýandyrys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Чөрегиң бир болшы ялы, биз көп болсак-да, бир бедендирис. Чүнки шол бир чөреги пайлашяндырыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 10:17
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys.


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.


Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz.


Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.


Onuň ýolbaşçylygy astynda tutuş beden her bognuň kömegi bilen baglanyp, Oňa birikdirilýär. Her agzanyň kadaly işlemegi netijesinde beden kemala gelip, söýgi arkaly sazlaşykly hereket edýär.


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.


Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ