Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.
Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.
Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.
Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.
Isa Mesih ugrunda tussaglykda oturan men Pawlusdan eziz dostumyz we işdeşimiz Filimuna, aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipa we seniň öýüňde bolýan imanlylar ýygnagyna dogaýy salam! Doganymyz Timoteos hem size salam aýdýar.
Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.
Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.
Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».