Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 10:13 - Mukaddes Kitap

13 Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Башыңыздан инен сынаглар башгаларың-да башындан инйәндир. Эмма Худай садыкдыр! Ол сизиң гүйҗүңизиң чатмаҗак сынагыны бермез. Сиз сынага дүшениңизде, Худай чыкалга-да ачар, сынагдан үстүн гелмек үчин гуҗур-гайрат-да берер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 10:13
48 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bize beýik işleri etdi, şoňa görä, biz şatlykdan doly.


Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.


Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.


Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň, onda atlylar bilen nädip ýaryşjak? Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň, onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?


Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.


Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!


Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.


Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň günälerimizi bagyşla. Bizi synaga salma» diýdi.


Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär.


Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.


galanlary hem tagtalar ýa-da gäminiň döwükleri bilen çyksynlar diýip buýruk berdi. Şeýlelikde, ählisi sag-aman gury ýere çykdy.


Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.


Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.


Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr.


Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.


Özüniň garrandygyna we aýaly Saranyň önelgesizdigine garamazdan, Ybraýym iman arkaly perzent gördi. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy.


Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen ejir çekýänler ýagşylyk etmegini dowam etdirip, özlerini sadyk Ýaradana tabşyrsynlar.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


Indi sen we ýanyňda gelen patyşaňyň gullary daň bilen turup, meniň siz üçin bellän ýerime gidiň. Ýaramaz habary bolsa göwnüňe alma, çünki men senden razy. Ertir daň ýagtylan badyna ýola düşüň».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ