Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.
Hudaý Iýerusalimiň halkyny weýran etmek üçin bir perişdesini iberdi. Perişde halky weýran etjek bolanda, Reb muny görüp, bu betbagtçylygy goýbolsun etdi. Ol weýran edýän perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek!» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabusly Ornanyň harman ýeriniň golaýyndady.
Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.
Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez.
Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».
Musa iman arkaly Pesah gurbanlyk janlysyny öldürmegi we olaryň ganyny gapynyň söýelerine çalmagy buýurdy. Ol muny ysraýyl halkynyň nowbahar ogullaryna Ölüm perişdesiniň el degirmezligi üçin etdi.
Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.