Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:29 - Mukaddes Kitap

29 Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Шоңа гөрә-де, гой, хич ким Худайың хузурында өвүнмесин!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:29
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela


Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi? Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni? Özüni göterýäni göterermi taýak? Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?


Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin.


Şoňa görä, buýsanaýsam-da, diňe Isa Mesih arkaly Hudaýa hyzmat edýändigime buýsanaryn.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.


Eger Ybraýym Hudaýyň nazarynda ýagşy işleri arkaly aklanan bolsa, onda, dogrudan-da, öwnüp bilerdi, emma Hudaýyň öňünde däl.


Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin».


Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!


Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Hiç kim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ