Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:27 - Mukaddes Kitap

27 Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Эмма даналары утандырмак үчин, Худай бу дүнйәниң акмак сайянларыны сайлады. Гүйчлүлерини утандырмак үчин хем бу дүнйәниң эҗиз сайянларыны сайлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:27
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.


Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Akyldarlar utanja galdylar, howp içinde duzaga düşdüler. Olar Rebbiň sözüni ret etdiler. Olarda näme pähim bar?


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Olar Isadan: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Hawa, eýsem siz: „Çagalaryň, bäbekleriň dilinde alkyş senasyny ýaratdyň“ diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýdi.


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.


Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar.


Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?


Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.


Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys.


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ