Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:24 - Mukaddes Kitap

24 Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Эмма чагырыланлар үчин: яхуды я яхуды дәл, пархы ёк, Месих Худайың гудраты ве даналыгыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:24
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Danalyk çagyrmaýarmy eýsem? Belent jar çekýän düşünje dälmidir?


Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.


Emma danalygyň hakdygy onuň zürýatlarynyň ählisi tarapyndan tassyklanar».


Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Hudaýyň şeýle merhemet edenleriniň we çagyranlarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem başga milletler hem bardyr. Hawa, bularyň arasynda biz hem bardyrys.


Heläkçilik ýolundan barýan adamlar üçin haç baradaky habar akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.


Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ