Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:23 - Mukaddes Kitap

23 Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Биз болса хача чүйленен Иса Месихи вагыз эдйәрис. Месих яхудылар үчин бүдреме дашыдыр, яхуды дәллер үчин болса акмаклыкдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:23
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi.


Şeýlelikde, olar Isany ret etdiler. Emma Isa olara: «Pygamberiň diňe öz ýurdunda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi.


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Heläkçilik ýolundan barýan adamlar üçin haç baradaky habar akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr.


Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.


Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady.


Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.


Men siziň araňyzdakam, Isa Mesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim.


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Eý, doganlarym! Eger men heniz-de sünnetlenilmäni wagyz edýän bolsam, onda men näme üçin yzarlanýarkam?! Eger dogrudan-da şeýle bolýan bolsa, onda Isanyň haçy babatdaky wagzym büdreme daşy bolmazdy.


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ