Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:20 - Mukaddes Kitap

20 Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Ханы дана киши? Төврады өвредйән ханы? Бу дөврүң алымы ханы? Эйсем Худай дүнйә даналыгының акмаклыкдыгыны гөркезмедими?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:20
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.


Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Ol hökümdarlary kemsidip, kazylary akmaklara öwürýär.


Ynamly maslahatçylary dymdyryp, ýaşululary akylyndan mahrum edýär.


Baştutanlary akylyndan azaşdyryp, ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur.


Pikiriňde öňki howply günler barada oýlanarsyň: «Salgyt toplan nirede? Paç ýygnan nirede? Diňleri sanan nirede?»


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?


Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.


Olar özlerini akylly saýyp, akmak boldular,


Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Men danalary danalykdan mahrum ederin, akyllylary akyldan aýraryn» diýip ýazylgydyr.


Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi.


Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.


Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady.


Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.


Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.


Bu danalyga dünýä ygtyýarlylarynyň hiç biri düşünmedi. Çünki düşünen bolsadylar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi?


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ