Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Худайың Коринтосдакы йыгнагына догайы салам! Иса Месих аркалы Худайың мукаддес халкы болмага чагырыланларың барына догайы салам! Шейле-де хеммәмизиң Реббимиз болан Иса Месихе ыбадат эдйәнлериң барына догайы салам!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:2
45 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi.


Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbe ybadat edip başladylar.


Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi.


Mundan soň Pawlus Afinyny taşlap, Korintosa gitdi.


Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.


Seniň yzyňa eýeren her bir adamy tussag etmäge onuň bu ýerde-de ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar haty bar».


Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler.


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz.


biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam! Goý, merhemet bilen parahatlyk size ýar bolsun!


Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy.


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer.


Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik.


Şoňa görä, Isa hem şäher derwezesinden daşarda ejir çekip öldi. Ol halkyny Öz gany bilen päkledi.


Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ