Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен сизиң диййәнлериңизи назара алып шейле диййәрин, себәби бириңиз «мен Павлусың шәгирди», ене бириңиз «мен Аполлоның шәгирди», башга бириңиз болса «мен Петрусың шәгирди», ене бириңиз «мен Месихиң шәгирди» диййәрмишиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi.


Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.


Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär).


Şol wagt Apollo atly bir ýahudy Efese geldi. Onuň asly isgenderiýalydy. Gepe çeper Apollo Mukaddes Ýazgylary örän gowy bilýärdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler.


Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir.


Indi bolsa doganymyz Apollo barada: men oňa doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegi üçin köp ýalbardym. Ýöne onuň edil şu pursat gitmäge meýli ýok. Ol ýanyňyza amatly wagt tapanda barar.


Eý, doganlar! Men aýdanlarymyň baryny siziň peýdaňyza bolsun diýip, özüm we Apollo barada aýtdym. Şonda siz göreldämiz arkaly «Ýazylanyň çäginden çykmaň» diýlenine düşünip, kimdir birini beýlekiden ýokary tutmarsyňyz.


Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun.


Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.


Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.


Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Şeýlelikde, men size şuny aýtmakçy: dört ýüz otuz ýyl geçenden soň berlen Mukaddes Kanun bu ähti bozup-da, Hudaýyň wadasyny ýatyryp-da bilýän däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ