Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эй, доганлар, мен сизе Реббимиз Иса Месихиң адындан ялбарярын: бири-бириңиз билен ылалашыклы болуң. Араңызда агзалалыклара ёл бермәң, пикирлериңиз ве гарайышларыңыз бир болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:10
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Rebbe ähli hyzmat edýänler – gijesine Reb öýünde durýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Olar hemişe Menden gorkar ýaly, bir ýürek we bir ýol bererin. Bu olaryň özleri üçin hem, özlerinden soňky çagalary üçin hem ýagşylyk bolar.


Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, sebäbi salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar.


Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, ýogsam salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar.


Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.


Bu sözler sebäpli, ýahudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk döredi.


Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar.


Şeýlelikde, mähelläniň arasynda Isa barada agzalalyk döredi.


Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.


Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy.


Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň.


Eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň we Mukaddes Ruhuň söýgüsiniň hatyrasyna ýalbarýaryn: meniň üçin Hudaýa doga-dileg etmek bilen, meniň göreşime goşulyň.


Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler.


Birinjiden, Hudaýyň ýygnagy hökmünde üýşeniňizde, araňyzda agzalalyklaryň bolýandygy baradaky gürrüňler meniň gulagyma degýär. Men muňa az-kem ynanman-da duramok.


Ol muny bedende hiç bölünişik bolman, agzalar biri-biri barada deň derejede alada etsinler diýip etdi.


Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme?


Şoňa görä-de, ýalbarýaryn: meniň ýaly boluň.


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Eý, doganlarym, ýalbarýaryn: men ýaly boluň! Sebäbi men hem siz ýaly bolandyryn. Siz maňa hiç nähaklyk etmediňiz.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Biz saýlan ýolumyz bilen öňe tarap gitmeli.


edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň.


Indi bolsa, eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň ýanyna üýşmegimiz babatda şulary aýdyňlaşdyrmakçy:


Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn.


Hudaýyň huzurynda, şeýle hem dirilere we ölülere kazylyk etjek Isa Mesihiň huzurynda, Onuň gelmeginiň we şalyk sürmeginiň hatyrasyna saňa şulary berk tabşyrýaryn:


Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ