Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Sosfenden

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Худайың ырадасы билен Иса Месихиң ресулы болан мен Павлусдан ве доганымыз Сосфенден

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 1:1
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gün doganda, şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on iki sanysyny saýlap, olary resullyga belledi. Olar şulardyr:


Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Onsoň olar sinagoganyň baştutany Sostenisi kazyýetiň öňünde tutup ýençdiler. Emma Galiýo bularyň hiç birine üns hem bermedi.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


Isa Mesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam!


Hudaýyň islegine görä siziň ýanyňyza tizara baryp biler ýaly, Ondan bir ýol açmagyny hemişe soraýaryn.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim.


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin!


Hakyky resullygyň nyşanlaryny araňyzdakam alamatlarda, mugjyzalarda we gudratlarda uly çydamlylyk bilen görkezendirin.


Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler.


Men, resul Pawlus we ýanymdaky doganlarymyň ählisi Galatýadaky imanlylar ýygnagyna şu hat bilen dogaýy salam iberýäris. Meni resullyga ynsanlar däl-de, Isa Mesih we Ony ölümden direlden Ata Hudaý belledi.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Kolosiýadaky Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihe degişli bolan sadyk doganlarymyza dogaýy salam! Atamyz Hudaýyň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!


Halasgärimiz Hudaýyň we umydymyz bolan Isa Mesihiň buýrugyna görä Onuň resuly men Pawlusdan


Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.


Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan söýgüli oglum Timoteosa dogaýy salam! Hudaý meni Isa Mesih arkaly beren ýaşaýyş wadasyny jar etmek üçin saýlady. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty we parahatlygy saňa ýar bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ